Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hökmany iş tejribelik döwrüni geçmezden diplom alatlar


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde tölegi esasda bilim alan uçurymlar ilkinji gezek iki ýyllyk iş tejribeligini geçmezden diplom alatlar. Bu barada "ORIENT" habar berýär.
Okuwyny tamamlap ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy gowşuryş çäreleriniň ilkinjisi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 28-nji iýunda geçiriler. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň talyp ýaşlary mälim edýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomlar bakalawr we magistr bilimlerini alan uçurymlara gowşurylýar. Ýokary okuw mekdebini geçen ýyl gutaran uçurymlar hem diplomlaryny alarlar. Habarçylarymyzyň anyklamagyna görä, tölegi esasda okan mugallymçylyk we lukmançylyk ugurlaryndan başga islendik hünär ugry boýunça ýokary bilim alan ýaşlaryň ählisi diplomlaryny alyp bilerler.
Şeýlelikde, býujet esasynda we hünärmen bilim maksatnamasy boýunça ýokary bilim alan uçurymlar ýokary okuw mekdebiniň ugradan ýeri boýunça hökmany iki ýyllyk iş tejribesini geçerler.
ORIENT news








