TDHÇB-daky söwdalaşyklar: nebit ýol bitumynyň 3 müň tonnasy we tekstil önümleri eksport edildi


Duşenbe güni, 26-njy iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,6 mln amerikan dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy -diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler nebit ýol bitumynyň jemi 3 müň tonnasyny $720 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $240 amerikan dollary baha berildi.
BAE-den gelen işewür tekizlenip boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň 33 müň kg-ny $168,3 müň amerikan dollaryna satyn aldylar, önümiň her kg-na $5,10 amerikan dollaryny hödürlediler.
Gyrgyzstandan gelen kompaniýa nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 58,5 müň kg-ny $130,1 müň amerikan dollaryna satyn aldy. Önümiň her kg-na $2,17-den $2,27 amerikan dolaryna çenli baha berildi.
Gyrgyzstandan we Hytaýdan işewür toparlaryň wekilleri matalaryň dürli görnüşleriniň 837 müň inedördül metrini (gabardin, panama) $337,7 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Türkiýeden gelen işewür jins matanyň 330 müň inedördül metrini $313,5 müň amerikan dollaryna satyn aldy.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








