HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

The Korea Times: Merkezi Aziýa Koreýanyň geljegi üçin möhümdir

Iýun 27, 2023 | 03:14 |7150
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň syýasy ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halkara derejesinde bilelikdäki işlerde aýdyň görkezilýär. Iki ýurt dürli guramalarda we gurluşlarda biri-biriniň dalaşgärligini yzygiderli goldaýarlar.Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň syýasy ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halkara derejesinde bilelikdäki işlerde aýdyň görkezilýär. Iki ýurt dürli guramalarda we gurluşlarda biri-biriniň dalaşgärligini yzygiderli goldaýarlar.
Çeşme: koreatimes.co.kr

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň syýasy ugurdaky netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy halkara derejesinde bilelikdäki işlerde aýdyň görkezilýär. Iki ýurt dürli guramalarda we gurluşlarda biri-biriniň dalaşgärligini yzygiderli goldaýarlar.

Iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklar häzirki wagtda belli bir durnuklylyk we täze hil mazmuny bilen häsiýetlendirilýär. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň arasynda ýangyç we energetika toplumy, oba hojalygy, söwda we ykdysady ugur, gurluşyk, dokma senagaty, ulag we aragatnaşyk hem-de beýleki pudaklar bar. «Biz Koreý hyzmatdaşlarynyň türkmen ykdysadyýetini ösdürmäge gatnaşmagyny goldaýarys we hyzmatdaşlygymyzy hasam giňeltmek isleýäris», -diýip Korea Times gazeti Türkmenistanyň Seuldaky ilçisi Begenç Durdyýewiň sözlerine salgylanýar.

Türkmen diplomaty 26-njy aprelde Aşgabat halkara howa menzili bilen Inçon halkara howa menziliniň arasynda ýakynda «Türkmenhowaýollary» tarapyndan satyn alnan A330-200 ýük uçarynda amala aşyrylan göni ýük gatnawlarynyň açylmagynyň türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyndaky uly üstünlikleriň aýdyň mysalydygyny belledi. Bu täze halkara howa ýük hyzmatynyň kömegi bilen ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk has giňeldiler.

Ilçi Durdyýew, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň geçiriljekdigini aýtdy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň daşary işler ministrleri Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýygnanyp, köptaraplaýyn gatnaşyklary we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisi bilen Koreýanyň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Ilçi The Korea Times üçen eden teswirinde, Seuldaky Koreýa Söwda-senagat palatasynyň baş edarasynda geçirilen Koreýadaky Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Koreýa bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly tegelek stoluň geçirilmegini makullady.

Tegelek stol The Korea Times -yň ýolbaşçylary tarapyndan gurnaldy. «Merkezi Aziýa, baý serişdeleri we özara ösüş mümkinçiligini göz öňünde tutup, Koreýanyň geljegi üçin möhüm ähmiýete eýe sebit hasaplanýar. Bäş ýurdy – Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýan bu sebit tebigy baýlyklary we ýaş hünärli işçi güýji bilen tanalýar», - diýip metbugat ýazýar.

Hyzmatdaşlyga taýýar beýleki pudaklaram bar. Mysal üçin, tokaý ösdürip ýetişdirmek taslamalarynda. Täze şäherleriň dowam edýän ösüşi, esasanam infrastruktura we akylly şäher başlangyçlarynda hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikleri hödürleýär. Koreýa üýtgeýän söwda usullaryny göz öňünde tutup, Merkezi Aziýany geljegi uly täze söwda hyzmatdaşy hökmünde görýär.

«Nol ykdysadyýete geçişde Merkezi Aziýa Koreýanyň çäkli çeşmelerini dolduryp we hemişe üýtgeýän söwda gurşawyna geçmäge kömek edip biler. Koreýanyň tehnologiki we önümçilik tejribesini ykrar etmek bilen, Koreýanyň ösen tehnologiýasy we önümçilik başarnyklary Merkezi Aziýanyň çeşmeleri bilen birleşdirilse, özara ösüş üçin mümkinçilik bar»,-diýip tegelek stoluň koreý gatnaşyjylary hasaplaýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026