HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Mekdepden kowulmak, operasiýa we adyňa muzeý: Ronaldonyň durmuşyndan 7 sany täsin hakykat

Iýun 26, 2023 | 00:11 |14435
Krişiano Ronaldo ähli döwürleriň iň beýik futbolçylaryndan biridir. Portugaliýaly hüjümçiniň ýeňişleri we baýraklary barada tükeniksiz gürrüň edip bolýar.Krişiano Ronaldo ähli döwürleriň iň beýik futbolçylaryndan biridir. Portugaliýaly hüjümçiniň ýeňişleri we baýraklary barada tükeniksiz gürrüň edip bolýar.
Çeşme: sportrbc.ru

Krişiano Ronaldo ähli döwürleriň iň beýik futbolçylaryndan biridir. Portugaliýaly hüjümçiniň ýeňişleri we baýraklary barada tükeniksiz gürrüň edip bolýar.

Ronaldo agzynda altyn çemçe bilen dünýä inenlerden däl. Türgeniň maşgalasy gaty pukara ýaşaýardy. Kakasy bagban, ejesi aşpezdi, şonuň üçin pul diňe iň esasy zatlar üçin ýetýärdi. Kriştiano dördünji çagady - iki uly gyz we bir erekek doganlary bar. Şonuň üçin uly sportda üstünlik gazanmagynda Ronaldo diňe tutanýerliligine we zähmetine minnetdar bolup biler.

Bu materialda, ORIENT okyjylar bilen paýlaşmak we ykbalyňda öňünden aýdyp bolmajak zatlaryň bolup biljekdigi we tutanýerliligiň hem-de özüňi kämilleşdirmegiň täsinlikleri döredýändigini bilen ýene bir gezek ylalaşmak üçin Ronaldonyň durmuşy barada gyzykly maglumatlary ýygnady.

1) Kriştiano Ronaldo, öz ikinji adyny kakasynyň iň gowy görýän aktýory - Ronald Reýganyň hormatyna aldy.

2) Kriştiano 11 ýaşyndan Lissabondaky «Sporting» internatynda boldy we maşgalasyny üç aýda bir gezek görýärdi. Käwagt özine we beýleki kiçi futbolçylarda iýmit ýetmeýärdi we olar ony McDonald’s-yň işgärlerinden soraýardylar. Ronaldo baýandan soň, mähirleri üçin minnetdarlyk bildirmek üçin şol aýallary tapmaga synanyşdy.

IMG_20230626_000502.jpg

3) Ronaldo gyzgyn ganly we hyjuwly ýetginjekdi. Madeýradan Lissabona göçenden soň, okuwy peseldi we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň gülküsine sebäp bolan şiwede gürleýärdi. Bir gezek ol mugallymyň onuň sözleýişine kinaýaly gülküsine çydap bilmedi we oňa oturgyç atdy. Bu bolsa onuň mekdepden kowulmagyna sebäp boldy.

4) Karýerasynyň başynda, 15 ýaşynda Kriştiano tahikardiýa – ýüregiň çalt urgusy diýip diagnoz goýuldy. Beýle diagnoz sporty goýmagyna sebäpdi. Emma Ronaldo operasiýa geçirdi we üç günden soň meýdança çykdy.

5) Ronaldonyň bedenindäki ýag, beden agramynyň bary-ýogy 10 göterimdir we bu ony iň gowy ylgaýjy edýär. Ol, hakykatdanam, iň çalt türgenleriň biri, Kriştiano we Ispaniýaly sprinter Angel Rodriges bilen deňeşdirilen synaglarda subut edildi. Göni çyzykda Rodriges oýunçydan öňe geçdi, onda-da biraz, ýöne zigzag traýektoriýasynda Ronaldo birinji boldy.

6) Ronaldo, tatuirowka etmeýän az sanly futbol ýyldyzlaryndan biridir. Bu onuň üçin garaýyş meselesidir we bu ýörelge onuň donorlyga işjeň gatnaşmagy bilen düşündirilýär. 2000-nji ýyllaryň ahyrynda Kriştiano hatda «Gyzyl Ýarymaý hasaby» kampaniýasynyň ýüzi boldy we onuň çäginde: «Meniň donorlygyma päsgel berýänligi sebäpli, meniň tatuirowkam ýok» habary bilen jemgyýetçilik mahabatdyna peýda boldy.

2-2.jpeg

7) Futbolçynyň dogduk şäheri Funçalda şahsy muzeýi işleýär. Durmuş ýollary, baýraklar, şahsy zatlar, seýrek suratlar – iň hakyky muzeý. Ronaldo oňa gelenlerden ilkiji boldy we gaty hoşal boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026
Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

Türkmenistanly söweşiji Döwletjan Ýagşymyradow Nýu-Ýorkda geçiriljek PFL ýaryşynda çykyş eder

17:20 Iýun 18, 2026
Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

Brýusselde türkmen metbugat wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki ilçisiniň arasynda gepleşik geçirildi

17:09 Iýun 18, 2026