HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda haj parzyny ýerine ýetirmäge zyýarata gidýänler üçin onlaýn nobatyň başladylmagy meýilleşdirilýär

Iýun 26, 2023 | 22:17 |17440
Haj parzyny ýerine ýetirmäge gitmek isleýän zyýaratçylaryň aç-açan
nobatyny emele getirmek üçin özboluşly onlaýn ulgamyň döredilmegi barada
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlaw kampaniýasynyň
çäginde yglan edildi.Haj parzyny ýerine ýetirmäge gitmek isleýän zyýaratçylaryň aç-açan
nobatyny emele getirmek üçin özboluşly onlaýn ulgamyň döredilmegi barada
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlaw kampaniýasynyň
çäginde yglan edildi.
Çeşme: AP

Haj parzyny ýerine ýetirmäge gitmek isleýän zyýaratçylaryň aç-açan nobatyny emele getirmek üçin özboluşly onlaýn ulgamyň döredilmegi barada Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew saýlaw kampaniýasynyň çäginde yglan edildi.

Elektron nobatyň girizilmegi galplyklara we parahorlyga, şeýle hem mukaddes ýerlere syýahat etmegi wada berip, musulmanlaryň arkasyndan pul gazanýan, eli arassa bolmadyk korrupsiýonerlere garşy göreşmäge kömek eder diýlip garaşylýar.

Haja gidýänler üçin onlaýn nobat döretmek niýeti, 2017-nji ýylyň iýun aýynda gol çekilen hökümet karary bilen yglan edildi. Şeýle hem, resminamada raýatlaryň onlaýn nobatda durmaly tertibi görkezilýär.

Haja ugratmak Dini meseleler boýunça komitet we Özbegistanyň musulmanlarynyň ruhy dolandyryş guramasy tarapyndan gurnalýar. Diňe bu edaralar zyýaratçylara hyzmat edýän guramalar, myhmanhanalar, ulag we azyk kärhanalary, Saud Arabystanynyň degişli ministrlikleri bilen şertnama baglaşmaga ygtyýarly.

Özbegistan haja zyýaratçylary ýylsaýyn köpeldýär. Arap metbugatynyň habaryna görä, şu ýyl 15 130 özbek raýatlar olaryň ýurduna barar. 2030-njy ýyla çenli Özbek häkimiýetleri bu görkezijini 24 000-e ýetirmegi meýilleşdirýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

OPEK 2026-njy ýylda dünýäde nebite bolan islegiň ösüş çaklamasyny düýpli peseltdi

21:00 Oktýabr 13, 2026
Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

Nebit daşaýan supertankerleriň gatnaw bahasy soňky 60 ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

19:00 Oktýabr 13, 2026
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026