Türkmen eşikleri Pariždäki gündogar moda görkezişini bezär


Fransiýanyň paýtagty ýakyn wagtda abraýly podium bolar. Bu ýerde Oriental Fashion Show 2023 iň ajaýyp wakalarynyň biri geçiriler. Liwandan, Marokkodan, Gazagystandan we ilkinji gezek Türkmenistandan ýagty we zehinli stilistleriniň gatnaşmagynda Parižiň kaşaň Sen-Žermen-de-Pre etrabynda 3-nji we 4-nji iýulda gündogaryň moda görkezilişi bolar.
Türkmenistan moda görkezişinde Maison Sennur moda öýüniň stilisti we esaslandyryjysy Ogulmaral Sähetniýazowa tarapyndan wekilçilik ediler. Pariž türkmeniň medeni mirasynyň baýlygyny açyp görkezýän ajaýyp eşikler ýygyndysy bilen tanyşar.
Gündogar görkezişi – ýöne ýir podium däl, eýsem ol ondanam köp zat. Ol döredijilik we nepislik dünýäsi, fransuz ajaýyplygynyň we kämilliginiň görkezilmegi, şeýle hem dürli ýurtlar bilen yklymlaryň arasyndaky medeni «köpri». Bu ýerde ahlak we inklýuziw gymmatlyklara esaslanýan täze moda döwrüne goşant goşýan geljekki stilistler ýygnanýarlar.
Gündogar däp-dessurlaryny, täzelikleri we moda pudagynyň döredijiliginde nou-hauny ussatlyk bilen birleşdiren iň oňat dizaýnerler, görkezişde çykyş etmek hukugyny alýarlar. Olaryň özboluşly estetikasy we görüşleri stilleriň we ylhamlaryň baý reňklerini döredýär, kolleksiýalar bolsa ahlak we jadylylyk bilen haýran galdyrýar.
Oriental Fashion Show – täze döreýän dizaýnerler üçin başlangyç meýdança. Olara özlerini beýan etmek we moda görüşlerini dünýä görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik berilýär. Bu çäre stilistleriň zehininiň we döredijiliginiň ähli taraplaryny açyp görkezýär we onda sungat, medeniýet we innowasiýa biri-biri bilen utgaşýar.
ORIENT news








