Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Diplomatic World žurnaly türkmen alabaýy hakynda neşirleri halkara tomaşaçylaryna hödürleýär

Iýun 26, 2023 | 21:29 |10145
Ýakynda Diplomatic World halkara žurnalynyň 71-nji sany çapdan çykdy.
Onda Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan
türkmen alabaýy hakynda taýýarlanan makala neşir edildi. Makala «Türkmen
alabaý tohum itleri: wepalylygyň we güýjüň nyşany» diýlip atlandyrylýar we
onda bu tohumy adamyň ygtybarly dosty, kömekçisi we goragçysy eden fiziki
güýji, gaýduwsyzlygy we wepalylygy ýaly ajaýyp häsiýetleri we keşpleri
açylýar.Ýakynda Diplomatic World halkara žurnalynyň 71-nji sany çapdan çykdy.
Onda Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan
türkmen alabaýy hakynda taýýarlanan makala neşir edildi. Makala «Türkmen
alabaý tohum itleri: wepalylygyň we güýjüň nyşany» diýlip atlandyrylýar we
onda bu tohumy adamyň ygtybarly dosty, kömekçisi we goragçysy eden fiziki
güýji, gaýduwsyzlygy we wepalylygy ýaly ajaýyp häsiýetleri we keşpleri
açylýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Ýakynda Diplomatic World halkara žurnalynyň 71-nji sany çapdan çykdy. Onda Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan türkmen alabaýy hakynda taýýarlanan makala neşir edildi. Makala «Türkmen alabaý tohum itleri: wepalylygyň we güýjüň nyşany» diýlip atlandyrylýar we onda bu tohumy adamyň ygtybarly dosty, kömekçisi we goragçysy eden fiziki güýji, gaýduwsyzlygy we wepalylygy ýaly ajaýyp häsiýetleri we keşpleri açylýar.

Türkmenistanda alabaý milli baýlyk hasaplanýar we eýesiniň maşgalasyny, mallaryny we emlägini hüşgär goramak ukyby üçin ýokary baha berilýär. Bu, 3-6 müň ýyllyk taryhy bolan iň gadymy tohumlaryndan biri bolup, biziň günlerimize gadymy ata-babalarymyzyň bilşi ýaly gelip ýetýär.

2.png

Makalada tohumyň emele geliş sahypalaryna-da açyklyk berilýär. Sebäbi onuň emele gelen tebigy sebitleri: günbatarda Hazar deňzinden Aziýa böleginiň çägi, gündogarda Hytaý bilen häzirki serhede çenlidir.

Makalada bu tohumyň Türkmenistanyň medeniýeti we taryhy üçin ähmiýeti we gymmaty nygtalýar. Köp sanly arheologiki tapyndylar, alabaýyň heýkeltaraş şekilleri, şeýle hem gadymy türkmen halylarynyň nagyşlarynda keşbiniň ýaňlanmagy halkyň durmuşynda tutýan ornuna şaýatlyk edýär.

Diplomatic World – dünýä syýasaty, diplomatiýa, işewürlik, maliýe, sungat we medeniýeti birleşdirýän sanly we çap görnüşinde her çärýekde neşir edilýän halkara žurnal. Şeýlelikde ol, ykdysady, syýasy we diplomatik ugurlarda karar alýanlaryň arasynda aýratyn interfeýsdir.

Neşir ýokary derejeli okyjylara, şol sanda ilçiler, döwlet Baştutanlary, ÝB guramalarynyň wekilleri we öňdebaryjy köpmilletli kompaniýalaryň ýolbaşçylary, analitiki merkezleri we beýlekileriň arasynda ýaýbaň bolup, bu giň we dürli jemgyýeti iň soňky diplomatik, halkara we Ýewropa wakalary we ugurlary barada çuňňur we döwrebap düşünje bilen üpjün edýär.

в конце.png

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

Bilimde ýaşyl standartlar: Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri ESG boýunça Ýewropa tejribesini ornaşdyrýar

12:55 Iýun 18, 2026
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026