HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: nebit ýol bitumynyň 2 müň tonnasy eksport edildi

Iýun 26, 2023 | 14:49 |5554
Şenbe güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda bahasy $1 mln amerikan dollaryndan gowrak möçberde 4 geleşik baglaşyldy – diýip,  ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Şenbe güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda bahasy $1 mln amerikan dollaryndan gowrak möçberde 4 geleşik baglaşyldy – diýip,  ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Şenbe güni, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda bahasy $1 mln amerikan dollaryndan gowrak möçberde 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

Türkiýeden gelen işewür söwdalaşyklaryň barşynda BND 60/90 kysymly nebit ýol bitumynyň 2 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $240 amerikan dollary baha berildi. Geleşihgiň jemi bahasy $480 müň amerikan dollaryndan geçdi.

Gyrgyzstandan gelen kompaniýa ýorgan-düşek daşlyklaryň 10 müň toplumyny $75 müň amerikan dollaryna satyn aldy. Gyrgyzstanyň işewür toparlarynyň başga bir wekili flanel matanyň 150 müň inedördül metrini $34 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

Türkiýeden gelen telekeçiler nah ýüplüginiň dürli görnüşleriniň 220 müň kg-ny $463,1 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026