Türkmenistanda okan owgan uçurymlary işe ýollanar
Iýun 26, 2023 | 15:49 |7083


Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alan owganystanly uçurymlar okan bilimi boýunça demir ýol we nebitgaz ugurly edaralara işe ýollanar. Bu barada “Bakhtar news” habarlar agentligi Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berýär.
Okuwyny tamamlan uçurymlar diplomatlar bilen goňşy döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasyna geldiler. Bu ýerde guralan çäräniň dowamynda bellenişi ýaly, talyplar ýokary hilli bilim alyp, goňşy döwletiň dürli ugurlarynda işlemek üçin zerur tejribe topladylar.
ORIENT news








