HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Talybanlaryň lideri Owganystandaky aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin çäreleriň görülendigini beýan etdi

Iýun 25, 2023 | 23:31 |6399
Talyban tertibi aýallary sütemden azat etdi we olara «erkin adamlar» statusyny
gaýtaryp berdi. Bu sözleri «Talyban» hereketiniň ýokary lideri Haýbatulla
Ahundzada aýtdy diýip, TASS habar berýär.Talyban tertibi aýallary sütemden azat etdi we olara «erkin adamlar» statusyny
gaýtaryp berdi. Bu sözleri «Talyban» hereketiniň ýokary lideri Haýbatulla
Ahundzada aýtdy diýip, TASS habar berýär.
Çeşme: AFP/Getty Images

Talyban tertibi aýallary sütemden azat etdi we olara «erkin adamlar» statusyny gaýtaryp berdi. Bu sözleri «Talyban» hereketiniň ýokary lideri Haýbatulla Ahundzada aýtdy diýip, TASS habar berýär.

«Aýallary köp sanly sütemlerden, şol sanda zorlukly nikalardan halas etmek üçin anyk çäreler görüldi we şerigat hukuklary goraldy. <...> Aýallaryň erkin we mynasyp adamlar hökmünde statusy dikeldildi we ähli guramalar aýallara nikalaşmak, miras almak we beýleki [hukuklarynyň] üpjün edilmegine kömek etmäge borçludyr»,- diýip ýekşenbe güni ýaýran Ahundzadanyň Id al-Adha (Gurban baýramy) musulman baýramy mynasybetli gutlagynda aýdylýar.

Ol Talybanyň «Yslam şerigatyna laýyklykda rahat we abadan durmuşda ýaşamagyna aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görendigini» habar berdi.

Talybanlar 2021-nji ýylda häkimiýete geleli bäri Yslam gymmatlyklaryna laýyk gelýän çäklendirmeleri girizdi. Hususan-da, telegepleşikleriň alyp baryjy zenanlaryny hijap geýmäge borçlandyrdylar, zenan aktrisalaryň gatnaşmagynda drama filmleri we gepleşikleri gadagan etdiler.

Talybanlar owgan uniwersitetlerinde gyzlar üçin sapaklary togtatdy we orta we ýokary synplarda gyzlarynyň mekdeplerde sapak almagyny gadagan etdiler. Şeýle hem, Talybanlar uniwersitetlerde aýal-gyzlaryň, şol sanda professor-mugallymlar düzüminiň wekilleriniň bolmagyny gadagan etdiler we ähli milli hem-de halkara hökümete degişli bolmadyk guramalarda aýallaryň işden aýrylmagyby buýurdylar. Bu kararlar köp daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-nyň tankyt tolkunyna sebäp boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026