Taryhda iň uly sargyt: hindi loukosteri 500 Airbus uçaryny satyn alar
Iýun 25, 2023 | 16:15 |6319


Le-Buržede geçirilýän Paris Air Show awiasalonynda raýat awiasiýasynyň taryhynda uçar üpjünçiligi boýunça iň uly şertnama gol çekildi. Hindistanyň arzan bahaly “IndiGo” awiakompaniýasy “Airbus” kompaniýasyna 500 sany A320 kysymly uçary sargyt etdi.
Bu uçarlar “IndiGo” howaýollarynyň flotuna gelip gowşandan soň, loukosteriň uçarlarynyň umumy sany 1330-a ýeter – diýip, iXBT.com neşiri habar berýär.
IndiGo - dünýäde iň çalt ösýän howa gatnadyjylarynyň biridir. Ol Airbus A320neo kysymly öz lkinji Airbusyny 2016-njy ýylyň mart aýynda aldy we şondan bäri “IndiGo” awiakompaniýasynda Ýewropada öndürilen uçarlaryň sany 264-e ýetdi.
ORIENT news








