Aşgabatda Türki döwletleriniň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi


Aşgabatda, TÜRKSOÝ – Türki medeniýetiň halkara guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Türki döwletleriniň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen paýtagty şu günler türki dilli döwletlerden gelen sungat işgärlerini kabul edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylara gutlagny iberdi.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda sahnada TÜRKSOÝ-yň gatnaşyjy-ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň we meşhur ansambllarynyň çykyş etmeginde uly konsert geçirildi.

Günüň birinji ýarymynda Türki döwletleriniň Medeniýet hepdeligine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Döwlet muzeýine baryp gördüler hem-de türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeni mirasy barada gürrüň berýän wakalar barada giňişleýin sergi bilen tanyşdylar.

Hepdäniň medeni maksatnamasy dürli döredijilik çäreleri, sergiler, bilelikdäki çykyşlar, saz premýeralary we beýleki çäreler bilen dowam eder.

— Aşgabat medeni paýtagt hökmünde biziň üçin möhüm ähmiýete eýe, - diýip TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Soltanbaý Raýew ORIENT-iň habarçysyna aýtdy. – Bu guramanyň gatnaşyjy-ýurtlary üçin bu ýerde çykyş etmek we türki dünýäsiniň sungatyny görkezmek uly abraý.
Almaty şäherinde başlanan baýramçylyk estafetasy Bişkekde we Daşkende dowam etdi. Türki döwletleriniň Medeniýet hepdeligi Aşgabatda tamamlanandan soň, TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler Bakuwda, Stambulda we Ankarada dowam etdiriler.
— Türkmenistan biziň bilen dürli medeniýet ugurlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýär we biz bu gatnaşyklary giňeltmegi dowam etdirmek isleýäris, sebäbi medeniýet sebitlerimiziň arasynda altyn köpri bolup durýar,-diýip Raýew goşdy.

Türki döwletleriniň Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda TÜRKSOÝ- yň döredilmeginiň taryhy we bu gurluşyň dünýädäki türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklary we medeni mirasyny gorap saklamakda, öwrenmekde we ýaýratmakdaky orny barada wideo görkezildi.
Artur Petrosýants








