HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Litwa ulag, energetika, işewürlik ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýar

Iýun 24, 2023 | 13:53 |7215
Anna güni Aşgabatda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Iki ýurduň
wekiliýetlerine wise-ministrler Wepa Hajiýew we Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdi.Anna güni Aşgabatda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Iki ýurduň
wekiliýetlerine wise-ministrler Wepa Hajiýew we Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Anna güni Aşgabatda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetlerine wise-ministrler Wepa Hajiýew we Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerip, ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw meseleleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

IMG_20230624_135018.jpg

“Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm tarapy parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar we bu meselede ähmiýetli orun Türkmenistanyň Mejlisinde hereket edýän Litwa Respublikasynyň Parlamenti bilen Dostluk toparyna degişlidir. Şu nukdaýnazardan Wepa Hajiýew iki döwletiň mejlisiniň agzalarynyň özara saparlaryny guramagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi" –diýlip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Taraplaryň pikirine görä, Türkmenistan we Litwa söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçiliklere eýe. Bu ugurdaky gatnaşyklary güýçlenmek üçin iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda netijeli aragatnaşyk gurmagyň geljegi barada hem bellenildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026