Aşgabat we Rim ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibine garadylar


Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Italiýanyň ilçisi, Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça baş müdirliginde Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjy Džanluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky italýan wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibine degişli meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer häsiýetli ugurlar boýunça türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar – diýip, türkmen DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Diplomatlar abraýly halkara gurluşlaryň, esasanam BMG-niň we ÝB-niň çäginde Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy bellediler.

Döwletara gatnaşyklarynda parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nukdaýnazaryndan, Hajiýew şu ýyl Türkmenistan-Italiýa parlament dostluk toparynyň täze düzüminiň döredilendigini aýtdy we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.
Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri, iki ýurduň telekeçileriniň arasynda duşuşyklary we forumlary geçirmegiň derwaýyslygyny bellediler.
Şeýle hem, medeniýet, arheologiýa, bilim we italýan dilini öwrenmek pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alşyldy.
ORIENT news








