HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň mejlisine gatnaşdy

Iýun 23, 2023 | 20:41 |7224
Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşleriniň
sekretarlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşleriniň
sekretarlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.
Çeşme: akorda.kz

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew mejlise gatnaşyjylara wideo ýüzlenme ugratdy. Ol sebitiň iň wajyp wezipeleriniň howpy çaklamagy, öňüni alyş çärelerini we hil taýdan täze integrirlenen çemeleşmeleri dessin işläp düzmegi talap edýän durnuklylygy saklamak we howpsuzlygy berkitmek ýaly meseleler bolup durýandygyny belledi – diýip, Akorda metbugat gullugy habar berýär.

1.jpg

Howpsuzlyk geňeşleriniň sekretarlary häzirki halkara ýagdaýdan we sebit ýurtlarynyň milli bähbitlerinden ugur almak bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna garadylar.

Umumy ekoulgamy gorap saklamagyň zerurdygy göz öňünde tutulyp, şol sanda howanyň üýtgeme şertlerinde suw howpsuzlygy meselelerine aýratyn üns berildi.

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň metbugat gullugy terrorçylyga garşy ugurda hyzmatdaşlyga, transmilli jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun ýaýradylmagyna garşy bilelikdäki göreşe, howpsuzlyga abanýan howplara aýratyn üns berilendigini habar berdi.

Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň ähmiýeti göz öňünde tutulyp, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda şular ýaly duşuşyklary yzygiderli geçirmek teklip edildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026