HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýada öýde ýa-da gezelenç eden wagtyňda ulanmak üçin ýanyň bilen göterilýän IWL apparatyny döretdiler

Iýun 23, 2023 | 16:01 |9244
Russiýada öýkeni emeli usulda howalandyrýan ýanyň bilen göterilýän öý şertlerinde we gezelenç edilende ulanyp bolýan АИВЛ-Д apparatyny döretdiler.  Ol Russiýanyň Rosteh döwlet korporasiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.Russiýada öýkeni emeli usulda howalandyrýan ýanyň bilen göterilýän öý şertlerinde we gezelenç edilende ulanyp bolýan АИВЛ-Д apparatyny döretdiler.  Ol Russiýanyň Rosteh döwlet korporasiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Çeşme: ixbt.com

Russiýada öýkeni emeli usulda howalandyrýan ýanyň bilen göterilýän öý şertlerinde we gezelenç edilende ulanyp bolýan АИВЛ-Д apparatyny döretdiler. Ol Russiýanyň Rosteh döwlet korporasiýasy tarapyndan işlenip düzüldi.

Agramy 4 kg deň bolan uly bolmadyk gurluşy hem ulularyň, hem çagalaryň beden ýagdaýyna görä sazlap bolýar. Apparatyň ýanyna gurlan akkumulýator oňa zarýad almazdan üç sagada çenli işlemäge mümkinçilik berýär. Ol şeýle hem sessiz işleýär.

«Saglyk edarasynyň daşynda — öýde, gezelenç eden wagtyňda, bir ýerden başga ýere geçirilende bedeniň ýaşaýşyny saklamak üçin gurluşa bolan isleg häzirki günde aýratyn möhüm. АИВЛ-Д — Russiýada işlenip düzülen we öndürilen häzirki zaman, ykjam we ýeňil apparatdyr. Ony ulanmak ýönekeýdir we ol dem alyş funksiýalaryny goldamaga mätäç bolan hassa erkinligi üpjün edýär. 2024-nji ýylda gurluşyň synagynyň tamamlanmagyna we Roszdrawnadzor tarapyndan hasaba alynmagyna garaşýarys.» — diýip, Rostehiň ýerine ýetiriji müdiri Oleg Ýewtuşenko belliklerini aýtdy.

Häzirki wagtda apparatyň tehniki we kliniki synaglaryna taýýarlyk görülýär.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026