Bosgunlaryň we migrantlaryň saglygyny berkitmek üçin Rabat jarnamasy kabul edildi


Marokkonyň Rabat şäherinde migrantlaryň we bosgunlaryň saglygy meselesi boýunça üçünji bütindünýä maslahatynda BMG-nyň agza-döwletleriniň wekilleri tarapyndan bosgunlaryň we migrantlaryň saglygyny berkitmek boýunça Rabat jarnamasy kabul edildi. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň saýtynda habar berilýär.
Resminamany kabul etmek bilen, ýurtlar bosgunlaryň, migrantlaryň we olary kabul edýän jemgyýetleriň saglygyny berkitmek boýunça çäreleriň ýerine ýetirilmegini tizleşdirmäge; olaryň saglygyna tersin täsir edýän faktorlary aradan aýyrmaga; saglygy goramak we durmuşy taýdan goraglylygy üpjün etmek meseleleriniň bosgunlar we migrantlar babatynda milli syýasata girizilmegi üçin tagallalary etmäge borçlandylar.
Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin bosgunlaryň we migrantlaryň arasyndan saglygy goraýyş işgärleriniň hünär derejesiniň ykrar edilmegini üpjün etmek zerurlygy barada aýtdylar.
Ýurtlar şeýle hem saglygy goraýyş babatynda, taýýarlygy, jogap gaýtarmagy we dikeldişi üpjün etmek, pandemiýanyň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde bosgunlaryň we migrantyralň, olary kabul edýän jemgyýetleriň bähbidini göz öňünde tutmaga borçlandylar.
Migrantlaryň we bosgunlaryň saglygy meseleleri boýunça Üçünji bütindünýä maslahaty Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG), Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy (MHG), şeýle hem BMG-nyň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarlygynyň Müdirligi bilen hyzmatdaşlykda gurnaldy. Oňa Birleşen Milletler Guramasynyň 50 agza-döwletiniň we onuň synçylarynyň hökümetleriniň wekilleri, şeýle hem ynsanperwer guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, bosgunlar we migrantlar jemgyýetiniň we BMG-nyň edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
ORIENT habarlar








