Türkmenistanly mekdep okuwçylary ABŞ-da we Beýik Britaniýada üstünlikli çykyş etdiler


Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Beýik Britaniýada geçirilen iki halkara olimpiadasynda ajaýyp netijeleri gazandylar. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berýär.
ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Roçester şäherinde geçirilen “Genius-2023” taslama bäsleşiginde paýtagtymyzyň 97-nji we 135-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Jemi 63 döwletden 1100 töweregi okuwçynyň gatnaşan halkara bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylary 3 altyn we 1 bürünç medaly gazandylar. Paýtagtymyzyň 97-nji orta mekdebiň okuwçylary Pirguly Öwezow, Jumaly Jumalyýew we 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ibragim Annamyradow altyn medallara, 97-nji orta mekdebiň okuwçysy Dawut Täçmyradow hem bürünç medala eýe boldular.
Beýik Britaniýanyň paýtagty Londonda geçirilen “International Greenwich Olympiad” (IGO — 2023) atly halkara taslama bäsleşiginde daşky gurşawy goramak boýunça mekdep okuwçylarynyň taslamalary görkezildi.
Paýtagtymyzyň 83-nji, 97-nji we 135-nji orta mekdepleriniň okuwçylary Mahmyt Mahmydow, Merdan Muhammetorazow, Muhammetnur Saparmyradow, Şamuhammet Muhammedow we doganlar Emir hem-de Abdylkaýum Nuryýewler bäsleşigiň bürünç medallaryna eýe boldular.
ORIENT news








