HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hytaýa tebigy gazyň eksportyny ýanwar-maý aýlarynda 13,5% artdyrdy

Iýun 22, 2023 | 23:57 |7067
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugratmakda öňdebaryjy orny
eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk
türkmen «mawy ýangyjy» iberildi (ösüş 13,5%-e golaý). Bu barada HHR-iň Baş
gümrük müdirligi habar berdi.Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugratmakda öňdebaryjy orny
eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk
türkmen «mawy ýangyjy» iberildi (ösüş 13,5%-e golaý). Bu barada HHR-iň Baş
gümrük müdirligi habar berdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly gaz ugratmakda öňdebaryjy orny eýelemegini dowam edýär. Ýanwar-maý aýlarynda Hytaýa 4,25 mlrd dollarlyk türkmen «mawy ýangyjy» iberildi (ösüş 13,5%-e golaý). Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirligi habar berdi.

Ikinji orunda Russiýa (2,81 mlrd dollar, ösüş 2,12 esse), onuň yzýanynda Mýanma (ösüş 23,1%, 630,53 mln dollar) ýerleşýär. Olardan soň — Gazagystan (25,4% azaldy, 300,13 mln dollar) we Özbegistan (60,71% azaldy, 118,63 mln dollar).

Özbegistan soňky ýyllarda içerki bazarynda islegiň artmagy sebäpli daşary ýurtlara tebigy gaz satuwyny ep-esli azaltdy. Ýurt gaz importyny artdyrýar.

Edaranyň onlaýn ulgamynda görkezilen energiýa göterijisiniň importynyň fiziki mukdary barada maglumat getirilmeýär.

Gazagystan hem şu sebäplere görä eksportyny azaldýar. Içerki islegiň ösüşi ýurduň sebitleriniň gazlaşdyryş geriminiň giňeldilmegi we iri senagat kärhanalarynyň köpüsiniň gazy kömürden ileri tutmagy bilen baglanyşyklydyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026