HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça täze Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy

Iýun 22, 2023 | 23:00 |9025
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň
hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň
Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin
ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar,
şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy
teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň
hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň
Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin
ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar,
şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy
teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.
Çeşme: Türkmenistandaky ÝUNISEF

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy tassyklanyldy. Täze meýilnama 2022-2028-nji ýyllar üçin ýurduň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan milli ugurlar, şeýle hem ozalky Milli Hereket meýilnamasyna baha bermekde ýüze çykýan esasy teklipler we öňdebaryjy tejribe esasynda taýýarlanyldy.

2022-nji ýylda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde Çaganyň hukuklary boýunça hereketleriň täze Milli meýilnamasyny taýýarlamakda ýurdumyz boýunça köp sanly hyzmatdaşlary we guramalar bilen birnäçe gezek geňeşmeleri we maslahatlary geçirdi. Bu bilelikde alnyp barlan toplumlaýyn işiň netijesinde täze meýilnama işlenip düzüldi we durmuşa geçirilmegi üçin döwlet baştutany tarapyndan tassyklanyldy.

Täze meýilnama çagalaryň saglyga, iýmite, arassa suwa, bilime, howpsuz daşky gurşawa, zorlukdan goraglylyga, çagalaryň öz durmuşyna, abadançylygyna we ösüşine täsir edýän kararlary kabul etmeklige gatnaşmaga bolan hukuklary ýaly ileri tutulýan möhüm ugurlary öz içine alýar.

Çagalaryň hukuklary boýunça ikinji Milli meýilnamany işläp düzmek we durmuşa geçirmek arkaly Türkmenistan çagalaryň hukuklaryny goramak we çagalaryň bähbidine gazanylan netijeleriň durnuklylygyny we mundan beýläk-de giňeldilmegini üpjün etmek boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirjekdigini tassyklaýar.

"ÝUNISEF bu möhüm işe goşant goşmaga döredilen mümkinçiligi kanagatlanma bilen belleýär we Türkmenistanda her bir çaganyň öz hukuklaryndan peýdalanmagy üçin bu Meýilnamany durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň hökümetine we beýleki hyzmatdaşlara goldaw bermäge taýýar" – diýlip, metbugat beýanatynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026