TDHÇB-daky söwdalaşyklar: dizel ýangyjy we karbamidiň 100 müň tonnasy eksport edildi


Çarşenbe güni, 21-nji iýunda Türkmensitanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $21,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy- diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Owganystanyň işewür toparlarynyň wekili Л-0,5-62 kysymly dizel ýangyjynyň 4,5 müň tonnasyny satyn aldy, önümiň her tonnasyna $585 amerikan dollary baha berildi. Geleşigiň jemi bahasy $2,6 mln amerikan dollaryndan geçdi.
BAE-den we Owganystandan gelen işewürler «B» kysymly karbamidiň 100 müň tonnasyny satyn aldylar. Önümiň her tonnasyna $181 amerikan dollary baha kesgitlendi, geleşikleriň jemi bahasy $18,1 mln amerikan dollaryndan geçdi.
Türkiýeden gelen kompaniýa gaty nah ýüplüginiň 110 müň kg-ny $247,5 müň amerikan dollaryna satyn aldy. BAE-den gelen telekeçiler flanel matanyň 1,3 mln inedördül metrini $356,4 müň amerikan dollaryna satyn aldylar.
Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.
Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.
ORIENT habarlar








