HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa kompaniýalary Türkmenistandaky “ýaşyl” tehnologiýalara maýa goýmaga meýilli

Iýun 22, 2023 | 19:10 |8837
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew paýtagtymyzda iş saparynda bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen ýurdumyzyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew paýtagtymyzda iş saparynda bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen ýurdumyzyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew paýtagtymyzda iş saparynda bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýeti bilen ýurdumyzyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda ýokary tehnologiýa önümçiligi, sanly ulgam we Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy babatda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi.

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biridigini we geçen ýylyň noýabrynda “Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki toparynyň 21-nji mejlisiniň üstünlikli geçirilendigini belledi. Wekiliýetiň başlygy Tomaş Zdehowskiý Ýewropa parlamentiniň energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini we Ýewropa kompaniýalarynyň “ýaşyl” tehnologiýalara maýa goýmaga meýillidigini aýtdy.

Öz gezeginde, Serdar Joraýew Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmegi maksat edinýädigini, bu babatda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şeýle hem, ýokary tehnologiýalar boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hyzmatdaşlyk üçin şertleriň bardygy bellendi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026