Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük edaralary harytlary klassifikasiýalaşdyrmak babatynda tejribe alyşdylar


Harytlary klassifikasiýa etmek babatynda tejribe alyşmak Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň we Russiýanyň Federal gümrük gullugynyň wekilleriniň onlaýn-duşuşygynyň maksatlarynyň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň gümrük edarasynyň saýty habar berýär.
Russiýanyň gümrük gullugynyň hünärmenleri Ýewraziýa ykdysady birleşmesiniň ýurtlary üçin daşary ykdysady işjeňligiň Haryt nomenklaturasynyň (ТН ВЭД) esasynda gümrük klassifikasiýasynyň tejribesini paýlaşdylar.
Daşary ykdysady işjeňligiň haryt nomenklaturasy – bu harytlary beýan etmegiň we kodlamagyň ulgamydyr, ol gümrük-nyrhnama kadalaşdyrmasynyň çärelerini ulanmak maksady bilen, çykarylýan harytlaryň gümrük ýygymlarynyň, gadagan etmeleriň we çäklendirmeleriň, içerki bazary goramak çärelerini ulanmak, gümrük statistikasyny alyp barmak maksady bilen harytlary klassifikasiýa etmekde ulanylýar. Daşary ykdysady işjeňligiň haryt nomenklaturasynyň kodlary gümrük deklarasiýasyny doldurmak üçin gerekdir. Araçäkden geçirilýän ýükleriň kodlary deklarantlar tarapyndan, ýagny hem şahslar, hem hukuk taraplary arkaly kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň we Russiýanyň gümrük hünärmenleriniň arasyndaky duşuşyk 2022-2024-nji ýyllar üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasynyň çäklerinde gurnaldy.
ORIENT habarlar








