HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Ermenistan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Iýun 22, 2023 | 09:57 |6687
Söwda- ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň direktory Andranik Aleksanýan we palatanyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Söwda- ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň direktory Andranik Aleksanýan we palatanyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: instagram.com/turkmenistan.yerevan.embassy

Söwda- ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmagyň meseleleri Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň Söwda-senagat palatasynyň direktory Andranik Aleksanýan we palatanyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususanda, bilelikdäki türkmen-ermeni kärhanalaryny döretmek, ermeni kärhanalarynyň Türkmenistanda geçirilýän dürli halkara forumlaryna we sergilerine gatnaşmagyny gurnamak barada teklipler aýdyldy. Ermenistanyň SSP-nyň wekilleri Türkmenistanyň ulag we logistika babatyndaky uly mümkinçiligini bellediler.

Öz gezeginde, türkmen diplomaty açylmaga taýýarlanylýan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheri barada maglumat berdi, onda dürli maksatlar üçin desgalaryň guruljakdygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy şeýle hem Muhammetgeldi Aýazowyň Ermenistanyň senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň başlygynyň orunbasary Nerses Karamanukýan bilen duşuşygynda esasy temalaryň biri boldy.

Nerses Karamanukýan ermeni telekeçileriniň türkmen kärdeşleri bilen söwda-ykdysady aragatnaşygyna gyzyklanýandygyny bildirdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026