HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarusiýanyň sport we syýahatçylyk ministri Aşgabatda birnäçe gepleşikler geçirdi

Iýun 22, 2023 | 02:57 |5351
Iýun aýynyň 19-dan 21-i aralygynda Belarus Respublikasynyň sport we
syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistana iş sapary bilen geldi we
onuň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň
başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşdy.Iýun aýynyň 19-dan 21-i aralygynda Belarus Respublikasynyň sport we
syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistana iş sapary bilen geldi we
onuň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň
başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşdy.
Çeşme: sportedu.by

Iýun aýynyň 19-dan 21-i aralygynda Belarus Respublikasynyň sport we syýahatçylyk ministri Sergeý Kowalçuk Türkmenistana iş sapary bilen geldi we onuň çäginde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy Gulmyrat Agamyradow bilen duşuşdy.

Duşuşykda Belarusyň sport edarasynyň başlygy GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň konsepsiýasyny, ýurduň sport infrastrukturasyny, BDBU-niň sport toparynyň mümkinçiliklerini hödürledi we Türkmenistanyň milli ýygyndylaryny bilelikdäki okuw-tälim beriş ýygymlaryna we ýaryşlaryna gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem sport pudagynda lukmançylyk we ylmy goldaw barada çykyş edildi.

Şeýle hem Sergeý Kowalçuk Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow bilen duşuşdy. Belarusyň sport we syýahatçylyk ministri bu duşuşykda öz ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi we yzygiderli tejribe alyşmak, şol sanda çäreleri guramak barada aýdyp, sport bilen medeniýetiň arasyndaky aýrylmaz baglanyşyga ünsi çekdi.

Duşuşykda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, ikitaraplaýyn metbugat gezelençlerini guramak, şeýle hem sport we medeni çäreler wagtynda wizasyz tertibi girizmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Belarusyň sport bölüminiň başlygy türkmen tarapyny geljek ýylyň aprel aýynda Minskde geçiriljek «Dynç alyş-2024» halkara sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026