HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Halkara ýoga güni bellendi

Iýun 21, 2023 | 16:58 |14959
Däp boýunça Halkara ýoga gününde paýtagtymyzdaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda köpçülikleýin ýoga maşklary geçirildi. Säher bilen sport toplumynyň töweregi köp adamly boldy.Däp boýunça Halkara ýoga gününde paýtagtymyzdaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda köpçülikleýin ýoga maşklary geçirildi. Säher bilen sport toplumynyň töweregi köp adamly boldy.
Çeşme: redaksiýa

Her ýylyň 21-nji iýunynda bellenýän Halkara ýoga güni Aşgabatda hem bellenip geçildi. Halkara gününiň bu senede bellenmeginiň aýratyn manysy bar. Çünki 21-nji iýun – bu ýylyň iň uzak gündizi bolup, ýoga bilen meşgullanýan adamlar bu günüň aýratyn energiýasynyň bardygyny belleýärler. Mundan ozal, Hindistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda Halkara ýoga güni ýurdumyzyň dürli şäherlerinde bellenipdi. Bu ýyl bu sene paýtagtymyz Aşgabatda uly dabara beslendi.

Däp boýunça Halkara ýoga gününde paýtagtymyzdaky “Bagtyýarlyk” sport toplumynda köpçülikleýin ýoga maşklary geçirildi. Säher bilen sport toplumynyň töweregi köp adamly boldy. Çäräniň başynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Nair çykyş edip, ol ýoga we onuň döreýşi barada gyzykly maglumatlary berdi. Bellenişine görä, ýoga bu haýsydyr bir dine ýa-da jemgyýete degişli zat däldir. 2015-nji ýylda Aşgabatda açylan ýoga merkezi Merkezi Aziýada açyla ilkinji ýoga merkezi bolup, Türkmenistanyň we Hindistanyň medeni gatnaşyklarynyň aýrylmaz nyşanlarynyň biridir.

Häzirki wagtda Aşgabatdaky ýoga merkezinde 3 müňden gowrak agza hasaba alnyp, 700 töweregi adam bu merkeze gelip, rahatlandyryjy maşklar bilen yzygiderli meşgullanýar. Öz gezeginde, bu merkeze gelen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Atageldi Germanow bu ýere ýygnananlary Halkara ýoga güni bilen gutlady. Soňrabu ýerde köpçülikleýin ýoga maşklary ýerine ýetirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026