Mekdep okuwçylary halkara olimpiadada 6 medal gazandylar


Türkmen mekdep okuwçylary Özbegistanyň Hywa şäherinde geçirilen Abu Reýhan Biruny adyndaky halkara himiýa olimpiadasynda 6 bürünç medal gazandylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.
Halkara ders bäsleşigine Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Braziliýadan, Omandan, Türkiýeden, Gruziýadan, Hindistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Alžirden, Täjigistandan, Wýetnamdan we Gyrgyzystandan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Türkmenistanly mekdep okuwçylarynyň toparyna Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 17-nji orta mekdebiniň himiýa mugallymy Serdar Begenjow başlyklyk etdi.
Olimpiada laborotoriýa barlag işlerini hem öz içine aldy. Halkara ders olimpiadasyna gatnaşyjy döwletlerden akademikler we mugallymlar eminlik etdiler. Şeýle hem, mekdep okuwçylary Özbegistanyň professor-himikleriniň ussatlyk sapaklaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.
Bürünç medallaryna paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen mekdep internatynyň okuwçylary Şatlyk Batyrow, Mährijemal Gündogdyýewa, Jeren Akmyradowa, Adyl Serdarow, Mekan Ahmedow we 37-nji orta mekdebinden Ogulbaýram Berdimyradowa eýelik etdiler.
ORIENT news








