Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderine «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanyny» sowgat etdi


Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Ali Hameneýi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» pars dilindäki iki jiltlik ýygyndysyny sowgat hökmünde iberdi.

Bu mynasybetli, hepdäniň sişenbe güni Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary we alymlary, şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Çykyş edenler iki döwletiň baştutanlarynyň tagallalary netijesinde Türkmenistan bilen Eýranyň köp asyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini aýratyn bellediler – diýlip, türkmen DIM-niň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşirow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň maý aýynda Eýrana amala aşyran saparynyň möhüm ähmiýetini belläp geçdi. Ol «Magtymguly Pyragynyň goşgular diwanynyň» ýygyndysynyň sowgat hökmünde iberilmegi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändiginiň we goňşy döwletiň Türkmenistanyň baý edebi mirasyna aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbab Hales iki halkyň taryhy umumylygyny, ruhy we medeni däp-dessurlaryň ýakynlygyny belläp, iki ýurduň arasyndaky medeni we gumanitar gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtady.
ORIENT news








