Türkmenistanyň we Ysraýylyň daşary işler ministrleri telefon arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar


Sişenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýylyň Daşary işler ministri Eli Koen bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe meselesini ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň berýän habaryna görä, "taraplar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk gurmak arkaly söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesi boýunça pikir alyşdylar".
Türkmen tarapy köptaraplaýyn platformalarda we ilkinji nobatda BMG hem-de beýleki abraýly halkara guramalaryň çäginde ýola goýlan işjeň gatnaşyklary belläp geçdi.
Habarda bellenilişi ýaly, telefon arkaly söhbetdeşlik ysraýyl tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Iki aý mundan ozal, 20-nji aprelde Aşgabatda iki ýurduň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow bilen Eli Koeniň gatnaşmagynda Ysraýylyň hemişelik ilçihanasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
ORIENT news








