“Herat” kompaniýasy bir günde 300 gün paneliniň önümçiligini ýola goýdy


Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky hususy kompaniýa günde 300-e golaý gün panelini öndürýär, olaryň her biri 650 wata çenli elektrik bilen üpjün etmäge ukyply. Bu barada"Ariana News" habar berýär.
Zawodyň wekilleriniň aýtmagyna görä, olaryň öndürýän gün paneli hil taýdan sebit kompaniýalary bilen bäsleşýär. Bu zawoda 5 million dollardan gowrak maýa goýuldy.
Gün panellerini öndürýän kompaniýanyň baş menejeri Wahidulla Bromand: "Esasy maksat – iş ýerlerini döretmek, ikinji maksat bolsa bu kompaniýalaryň adamlaryň zerurlyklary ileri tutulýan ýurtda öz işini ýola goýmagydyr" - diýdi.
"Zawodyň içinde ornaşdyrylan enjamlar hatda goňşy ýurtlarda-da ýok" - diýip, kompaniýanyň tehniki bölüminiň müdiri Gulam Rasul Haýdari aýtdy.
"Öndürýän gün panellerimiziň hili barada aýdylanda bolsa, olar milli we halkara ülňülerine laýyklykda, 25 ýyl kepilliklidir" – diýip, Rasul Haýdari sözüniň üstüni ýetirdi.
Häzirki wagtda Hyrat senagat şäherinde iki ýüzden gowrak zawod hereket edýär.
ORIENT news








