BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň Missiýasy 2024-nji ýylda Türkmenistana gelip görer


BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň missiýasynyň 2024-nji ýylda Türkmenistana saparyny gurnamak meseleleri Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýewiň BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Terrorizme garşy komitetiniň Ýerine ýetiriji müdirliginiň Ýerine ýetiriji müdiri Natalýa German bilen duşuşygynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyk ýokary derejedäki terrorizme garşy göreş Hepdeliginiň çäklerinde Nýu-Ýorkda geçdi.
Natalýa German Türkmenistanyň sebitleýin parahatçylyga we howpsuzlygyna ygrarlydygyna ýokary baha berdi we ýurduň BMG-nyň terrorizme garşy göreş bölümleri bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan goşandyna minnetdarlyk bildirdi.
Hajyýew şeýle hem BMG-nyň Terrorizme garşy göreş müdirliginiň baştutany Wladimir Woronkow bilen duşuşdy we onuň bilen halkara terrorizmine, ekstremizme we beýleki howplara garşy göreşmek babatyndaky borçnamalary netijeli ýerine ýetirmegiň çäklerinde Guramanyň agza-döwletleriniň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Hususanda, BMG-nyň Bütindünýä terrorizme garşy strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Sebitleýin meýilnamasyny ýerine ýetirmek temasyna degilip geçildi.
Esasy çäräniň ikinji sessiýasynda — BMG-na agza-döwletleriň terrorizme garşy edaralarynyň baştutanlarynyň Maslahatynda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Merkezi Aziýada Bütindünýä terrorizme garşy strategiýany ýerine eýtirmek boýunça hereketleriň täzelenen Meýilnamasynyň mehanizmini pugtalandyrmak we sebidiň ýurtlarynyň Duşenbe prosessiniň çäklerinde tagallalaryny dowam etdirmekleriniň zerurdygyny belledi.
ORIENT habarlar








