Hususy özbek uçar kompaniýasy Moskwa uçuşlara badalga berýär


Özbegistanyň ilkinji hususy uçar kompaniýasy Centrum Air şu gün Ürgençden Moskwa uçuş maksatnamasyna badalga berdi – diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Kadaly uçuşlar Boeing 737-800 we Airbus A320 uçarlary tarapyndan hepdede bir gezek Wnukowo howa menziline amala aşyrylar. Gelejekde uçuşlaryň ýygylygyny artdyrmak meýilleşdirilýär.
Ertirden başlap Termes şäherinden (hepdäniň çarşenbe günleri) uçuşlar açylýar we 25-nji iýundan başlap— Buharadan her ýekşenbe günleri uçuşlar amala aşyrylar.
Centrum Air — bu Özgebistandaky ilkinji hususy büjet uçar gatnadyjysy, ol 2023-nji ýylyň ýanwarynda ýolagçylary daşamaga rugsat aldy. Uçar kompaniýasy Daşkentdäki Yslam Karimow adyndaky howa menzilinde ýerleşýär.
Häzirki wagtda Centrum Air içerki ugurlar (Fergana, Buhara, Ürgenç we Termes) we daşarky ugurlar (BAE, Müsür, Tbilisi we Jidda) boýunça kadaly we çarter uçuşlaryny amala aşyrýar.
ORIENT habarlar








