Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Aşgabatda saparda


Türkmenistana sapar bilen gelen Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen gepleşik geçirdi.
Duşuşykda, ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa-ÝB» dialogynyň çäginde şu gün we geljekde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyga syn berildi.
Taraplar özara gatnaşyk mehanizmleri, şol sanda parlament boýunça pikir alyşdylar, bilelikdäki çäreleriň we medeni alyş-çalyşyň üstünlikli tejribesini, bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň ähmiýetini, esasanam energetika pudagynda «ýaşyl» gün tertibiniň ähmiýetini bellediler.
Yzygiderli Daşary işler ministrleriniň duşuşyklarynyň, Syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary derejeli dialogyň mejlisleiniň, ykdysady forumlaryň geçirilýän «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» köptaraplaýyn platforma barada aýdylanda bolsa, gatnaşyklaryň ähmiýetli işjeňleşmegi meýilleşdirildi.
Ýewropa Parlamentiniň wekiliýeti Türkmenistanyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara ynsanperwerlik başlangyçlarynyň, şol sanda ýurdumyzyň Owganystanda ýagdaýy sazlamak we parahatçylygy dikeltmek ugrundaky tagallalarynyň möhümdigini belledi diýip, Türkmen DIM-niň saýty habar berýär.
«Duşuşykda bilim, sanlaşdyrmak, energetika, ulag, ekologiýa, suw baýlyklary we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleri kesgitlendi»,-diýip Daşary işler ministrliginde nygtadylar we Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň gender deňliginiň ösüşine, aýallaryň we ýaşlaryň Türkmenistanyň syýasy durmuşynda artýan ornuna ünsi çekendiklerini aýtdylar.
ORIENT news








