HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bu kiçijik ýantorbada: düşünje, manysyzlyk ýa-da döredijilik utuşy?

Iýun 19, 2023 | 23:00 |9143
Nýu-Ýorkdaky MSCHF döredijilik-mahabat topary, auksion üçin Louis Vuitton-dan nusga boýunça döredilen mikroskopik kaşaň ýantorbany oýlap tapdy.Nýu-Ýorkdaky MSCHF döredijilik-mahabat topary, auksion üçin Louis Vuitton-dan nusga boýunça döredilen mikroskopik kaşaň ýantorbany oýlap tapdy.
Çeşme: https://sparkchronicles.com/

Nýu-Ýorkdaky MSCHF döredijilik-mahabat topary, auksion üçin Louis Vuitton-dan nusga boýunça döredilen mikroskopik kaşaň ýantorbany oýlap tapdy.

Ýarym dury mikro ýantorba, kaşaň ýantorbalaryň ululygynyň kiçelmegine teswir hökmünde pikirlenildi. Bir wagtlar iň işjeň bolan zat, statsly aksesuar bolýar. Onda markanyň ady öňe geçip, peýdalylyk has gereksiz we manysyz bolýar. Bu täze sungat eseri, düşünjäni iň soňky derejä, manysyzlyga eltýär. Onda hem çeper manifest, hem degişme, hem laýyk baha satylyp bilinjek degişme bolar.

Taslama üçin MSCHF topary biotehnologiýa boýunça ýöriteleşen birnäçe senagat öndürijilerine ýüz tutdy. Netijede, ýantorba iki fotonly polimerizasiýa diýlip atlandyrylýan mikroskopik 3D çap etmek işi arkaly fotopolimer sakgyçdan ýasaldy.

1.jpg

Iň soňky teklip, kiçijik döredijiligiň aýdyň görnüşini üpjün edýän sanly displeýli mikroskopyň aşagyndaky möhürlenen gel gabynda gelýändigi habar berilýär.

Bu üýtgeşik zat üçin söwda 19-njy iýundan Just Phriends platformasynda açyk bolar. Şeýle hem halk köpçüligi 20-25-nji iýunda Parižde geçirilen sergide mikroskopik ýantorbany görmäge mümkinçilik alar.

Kompaniýa ýantorbanyň döredilendigi barada Instagram sahypasynda yglan etdi we şol ýerde şeýle ýazdy: «Deňiz duzunyň dänesinden kiçi we iňňäniň gözünden geçer ýaly ýeterlik derejede dar, bu ýantorba gaty kiçi bolup, ony görmek üçin size mikroskop gerek bolar».

Açyk ýaşyl monogrammaly ýantorba, dünýäniň dürli künjeginde okyjylarda dürli täsirler galdyrdy we köpler kiçijik obýektiň ululygyna degişýärler. Bir Instagram ulanyjysy, «Men muny hiç kim alyp bilmez ýaly ogurlap iýerin» diýip, kinaýaly teswir ýazdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026