HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMGÖM çölleşmäge garşy Bütindünýä güni mynasybetli plakatlaryň bäsleşigini geçirýär

Iýun 19, 2023 | 17:26 |4509
Çölleşmäge garşy Bütindünýä güni mynasybetli Aşgabatdaky BMG-nyň ösüş Maksatnamasy #HerLand  #HerRights bäsleşigine badalga berýär.Çölleşmäge garşy Bütindünýä güni mynasybetli Aşgabatdaky BMG-nyň ösüş Maksatnamasy #HerLand  #HerRights bäsleşigine badalga berýär.
Çeşme: Türkmenistandaky BMGÖM tarapyndan berildi

Çölleşmäge garşy Bütindünýä güni mynasybetli Aşgabatdaky BMG-nyň ösüş Maksatnamasy #HerLand #HerRights bäsleşigine badalga berýär.

Döredijilik bäsleşigi çölleşmek, topragyň hasyllylygynyň peselmegi we ýerleriň zaýalanmagy ýaly meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlere möhüm ekoulgam hökmünde tokaýlary beýan etmek arkaly plakatlary ýa-da beýleki çap materiallaryny taýýarlamak teklip edilýär. Bäsleşige hödürlenilýän işler şeýle hem ýerleri dikeltmekde we gurakçylyga garşy göreşmekde zenanlaryň we gyzjagazlaryň tagallalaryny hem açyp görkezip biler.

Plakatlaryň öz içine maglumat grafikasyny, tablisalary, fotosuratlary ýa-da suratlary alyp biljekdigini bellemelidiris. Işleri 10-njy iýula çenli undptm@gmail.com elektron poçtasyna ýa-da şu salga ugratmaly: Aşgabat ş. BMG-nyň binasy, Arçabil, 21.

Bäsleşigiň ýeňijilerine 2023-nji ýylyň 12-nji awgustynda Ýaşlar gününde sylaglar gowşurylar. Olar şeýle hem 21-nji martda bellenip geçilýän tokaýlaryň Halkara gününe bagyşlanan ekologiki çärä gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.

Plakatlaryň bäsleşigi Türkmenistanyň tebigaty goramak Jemgyýeti, şeýle hem Tebigy kuwwat, Eko-durmuş we Ynanç wepa jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçirilýär. Ol BMG-nyň çölleşmäge garşy guramasy (UNCCD) tarapyndan badalga berilen #HerLand bütindünýä kampaniýasynyň bir bölegidir.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026
Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

Täjigistanda arheologlar Kuşan patyşalygynyň patyşanyň keşbi şekillendirilen seýrek möhürini tapdylar

20:46 Awgust 15, 2026
Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

Daşkentde 1970-nji ýyllaryň seýrek mozaikalary başga ýere göçüriler: pannolar täze ýerde saklanylar

20:43 Awgust 15, 2026