Türkmenistanyň wekiliýeti «Hytaý - Merkezi Aziýa» syýasy partiýalarynyň dialogyna gatnaşdy


Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň parlament syýasy partiýalarynyň wekilleriniň bilelikdäki wekiliýeti iýun aýynyň 14-den 17-i aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Anhoý welaýatyna baryp, HHR-nyň Kommunistik partiýanyň ýerli komitetiniň we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe resmi duşuşyk geçirdi.
Duşuşyklaryň dowamynda bu saparyň 18-19-njy maýda geçirilen, alty döwletiň Baştutanlarynyň möhüm ylalaşyga gelip, hyzmatdaşlygyň täze döwrüni açan ilkinji Hytaý-Merkezi Aziýa sammitinden bir aý soň amala aşyrylandygy bellenildi. Bu nukdaýnazardan partiýanyň agzalary «Guşaklar we ýollar» gurluşygyna integrasiýa, dürli derejedäki özara saparlaryň dowam etmegi, şeýle hem senagat taslamalary, medeni syýahatçylyk, ylmy we tehniki bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmak, ýaşlar alyş-çalşygy we ş.m. barada pikir alyşdylar.
Wekiliýete Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan 26 syýasy partiýanyň ýolbaşçylaryny, şol sanda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow girdi.
Anhoý şäherinde bolan döwürlerinde Merkezi Aziýanyň parlament syýasy partiýalarynyň wekilleriniň bilelikdäki wekiliýeti Hefei we Boçžou şäher etraplaryna baryp, olaryň ösüş tejribeleri, ylmy we tehnologiki täzelikleri, täze energetika senagaty, oba galkynyşy we ekologiýa gurluşygy bilen tanyşdy.
Sebitiň bäş ýurdunyň parlament syýasy partiýalarynyň wekilleriniň HHR-ä eden sapary «Hytaý - Merkezi Aziýa» syýasy partiýalarynyň gepleşikleriniň ilkinji mejlisine gatnaşmak üçindi. Ol 12-nji iýunda Pekinde «Has ýakyn Hytaý-Merkezi Aziýa ykbaly jemgyýetiniň döremegine ýardam etmek: syýasy partiýalaryň jogapkärçiligi» mowzugy astynda geçirildi.
Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Lýu Szýançao öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýasy ynamy çuňlaşdyrmak, strategiki sazlaşygy berkitmek we ösüşi güýçlendirmek üçin möhüm platforma üpjün edýändigini aýtdy.
Merkezi Aziýanyň syýasy partiýalarynyň wekilleri Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wagyz bölüminiň başlygy Li Şuleý bilen duşuşdy.
Onuň sözlerine görä, HKP, Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin we MA döwlet Baştutanlarynyň has çuňňur we berk gatnaşyklar gurmak baradaky möhüm ylalaşygy durmuşa geçirmek üçin Merkezi Aziýa partiýalary bilen işlemäge taýýar.
Mundan başga-da, taraplar döwlet dolandyryşy, partiýa bilimini ösdürmek we partiýa işgärlerini taýýarlamak pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
ORIENT news








