HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran we Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr daşama arkaly söwda dolanyşygyny artdyryp biler

Iýun 17, 2023 | 19:00 |6777
Eýranyň Söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalygy palatasynyň (ICCIMA)
başlygy Golam-Huseýin Şafei Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny
giňeltmek üçin ulag meselesini Türkmenistanyň kömegi bilen çözmegi teklip etdi.Eýranyň Söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalygy palatasynyň (ICCIMA)
başlygy Golam-Huseýin Şafei Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny
giňeltmek üçin ulag meselesini Türkmenistanyň kömegi bilen çözmegi teklip etdi.
Çeşme: tehrantimes.com

Eýranyň Söwda, senagat, dag-magdan we oba hojalygy palatasynyň (ICCIMA) başlygy Golam-Huseýin Şafei Özbegistana Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ulag meselesini Türkmenistanyň kömegi bilen çözmegi teklip etdi.

Ol ICCIMA-nyň şu ýyl üçin esasy maksadynyň Eýran bilen Özbegistanyň arasyndaky häzirki söwda dolanyşygyny 400 million dollardan 1 milliard dollara çenli ýokarlandyrmakdygyny aýtdy.

“Bu meselede käbir kynçylyklar bar, olaryň iň möhümi – ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek, esasanam demir ýol pudagynda. Bu iki ýurduň arasyndaky söwdanyň giňelmegine çynlakaý päsgelçilik döretmek bilen iki ýurduň hem söwdagärlerine uly ýitgi çekdirýär. Mesele üçünji ýurtlaryň hyzmatdaşlygynda, şol sanda Türkmenistany goşmak bilen çözülmese, ýagdaý şol durşuna galar” – diýip, Şafei aýtdy. Şeýle hem, ol iki tarapyň ykdysady operatorlaryny Demirgazyk-Günorta halkara üstaşyr geçelgesiniň taslamalaryna maýa goýmaga çagyrdy.

Bu barada şenbe güni ICCIMA-nyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Tährana sapary mynasybetli gurnalan eýran-özbek işewürlik forumynda aýtdy – diýip, Tehran Times habar berýär.

ICCIMA-nyň portalynyň berýän habaryna görä, foruma iki ýurduň ýokary derejeli işgärleri, şol sanda Eýranyň Senagat, dag-magdan senagaty we söwda ministri Abbas Ali-Abadi we Özbegistan Respublikasynyň Maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratow gatnaşdylar.

Bu çärä 50 özbek kompaniýasynyň wekilleri-de gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

Microsoft Edge 155 täzelenmesi: goşmaçalary guramagyň kämilleşdirilmegi we howpsuzlygyň güýçlendirilmegi

18:02 Oktýabr 13, 2026
Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

Türkiýede tebigatyň we ekstremal dynç alşyň merkezi: Erzinjan sebiti

17:44 Oktýabr 13, 2026
Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

Balykgöl: suwuň boýunda ýaşaýan Ybraýym pygamber baradaky rowaýat

22:55 Oktýabr 12, 2026