HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan sebitinde daşaýjylar Türkmenbaşy porty bilen gämi gatnaw ýoluny açmaga taýýar

Iýun 17, 2023 | 15:55 |7002
Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen
Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine
gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt-
Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň
gubernatory Igor Babuşkin aýtdy diýip TASS habar berýär.Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen
Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine
gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt-
Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň
gubernatory Igor Babuşkin aýtdy diýip TASS habar berýär.
Çeşme: fleetphoto.ru

Astrahan gämi gatnaw kompaniýalary, Hazar deňzinde Astrahan bilen Türkmenbaşy türkmen portunyň arasynda gämi gatnaw ýolunyň döredilmegine gatnaşmaga taýýar. Sebitde floty gurmak mümkinçiliginiň bar diýip, Sankt- Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPIEF) çäginde Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkin aýtdy diýip TASS habar berýär.

Ýylyň başynda Astrakanda, Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazarda rus portlary bilen Türkmenbaşydaky türkmen portunyň arasynda yzygiderli gatnaw liniýalarynyň açylmagy barada gepleşikleriň geçirilendigi habar berildi. Deňiz gatnawynyň yzygiderliligi ähli gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygy bellendi. Hazar deňziniň üsti bilen Russiýa barýan halkara multimodal geçelge Gyrgyzystanyň üsti bilen Özbegistanyň çäginden geçip, gury ýer bilen Türkmenbaşy deňzine çenli baryp deňiz arkaly rus portlaryna haryt daşamagy çaklanylýar.

«Gämi gatnaw kompaniýalarymyz bilen [Astrahanyň Olýa porty bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda] gämi gatnaw ýoluny açmak meselesini işläp düzdük we olar bu işe gatnaşmaga taýýar. Mundan başga-da, gämi gurluşykçylarymyz Hazar gämi gatnaw liniýalarynda işlemek üçin gämiler gurmaga taýýar bolup, olar ýeterlik tejribe we başarnyklara eýe. Bu, Demirgazyk- Günorta halkara ulag geçelgesinde ýük gatnawynyň ösmegine goşant goşar we Hazar deňzinden haryt daşaýarka ýük eýeleriniň çykdajylaryny azaldar»,-diýip Babuşkin aýtdy.

2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Astrahan sebitiniň hökümetleri Astrahanyň 100 km günortasynda ýerleşýän Hazar basseýninde Russiýanyň esasy söwda porty bolan Olýa portunda respublikanyň logistika merkezini gurmak barada ylalaşdylar. Häzirki wagtda taslama üçin iş meýilnamasy işlenip düzülýär. Onyň durmuşa geçirilmegine iki ýyl gerek bolar diýlip garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026