HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Singapurda polisiýa robotlary peýda bolar

Iýun 17, 2023 | 10:36 |4303
Bäş ýyl synagdan soňra Singapurda polisiýa robotlary peýda bolarlar.Bäş ýyl synagdan soňra Singapurda polisiýa robotlary peýda bolarlar.
Çeşme: 3dnews.ru

Bäş ýyl synagdan soňra Singapurda polisiýa robotlary peýda bolarlar.

Beýikligi 1,7 m bolan enjamlar nobatçylyk ederler we geçip barýanlara hadysalar barada habar bererler. Bu, öz gezeginde, esasy polisiýa güýçleri gelýänçä tertibi üpjün etmäge mümkinçilik berer, polisiýa işgärlerine has oýlanyşykly kararlary kabul etmäge we bolup geçýän hadysalardan netijeli baş çykarmaga kömek eder.

Iki enjam eýýäm Singapuryň Çangi howa menzilinde 4-nji Terminalda öz wezipe-borçlaryny ýerine ýetirýärler.

Robotlar 360 graduslyk gözegçilik kameralary, süýşürilip çykarylýan diň, sensorlar, dinamika, ekran, şeýle hem sirena bilen enjamlaşdyrylandyr. Bularyň ählisi hem gözegçilik etmek üçin, şeýle hem polisiýa işgärleriniň raýatlara ýüzlenmek üçin ulanylyp bilner.

Çangi howa menzilinde şeýle hem robotlaryň süpürijiler, gapy garawuly, ot orujylar bolup işleýändigini hem belläp geçmelidiris. 2019-njy ýylda DPS robotynyň synaglary geçirilipdi.

Singapuryň polisiýasynyň wekilleri terminalda goşmaça polisiýanyň bolmagyny üpjün etmek üçin barlag işleriniň gerekdigi barada belliklerini aýtdylar.

Polisiýa ilkinji gezek robotlary Singapuryň köçelerine 2018-nji ýylda çykarypdy. Şondan bäri robotlar birnäçe gezek döwrebaplaşdyryldy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026