HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Pakistanyň Ministrler Kabineti taslamany çaltlaşdyrmak üçin TAPI-niň bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasyny tassyklady

Iýun 17, 2023 | 00:07 |7515
Pakistanyň Federal Ministrler Kabineti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-
Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasy üçin bilelikdäki durmuşa geçiriş
meýilnamasyny tassyklady.Pakistanyň Federal Ministrler Kabineti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-
Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasy üçin bilelikdäki durmuşa geçiriş
meýilnamasyny tassyklady.
Çeşme: thehill.com

Pakistanyň Federal Ministrler Kabineti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan- Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasy üçin bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasyny tassyklady.

Bu karar taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyryşynyň tamamlanmagyny we turbageçirijiniň gurluşyk tapgyryna geçmegini tizleşdirmäge gönükdirilendir diýip, Pakistan Today habar berýär.

Pakistanyň Energetika ministrligi bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda baglaşylan bilelikdäki resminama, geçen hepde türkmen wekiliýetiniň Yslamabat şäherine eden saparynda gol çekildi.

TAPI-niň bilelikdäki durmuşa geçiriş meýilnamasynyň tassyklanmagy, gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmakda möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Ol gatnaşýan ýurtlaryň sebitdäki energiýa hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny görkezýär we sebitde energiýa howpsuzlygyny hem-de ykdysady ösüşi gowulaşdyrmak üçin esas döredýär.

Zerur tassyklamalar alnandan soň, taraplar esasy taslama ylalaşyklaryny ara alyp maslahatlaşmaga, ýer satyn almak işlerine we TAPI gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmek üçin strategiýalary düzmäge üns bererler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026