Magtymguly Pyraga bagyşlanan spektakl Gyrgyzystanda meşhurlyk gazanýar


Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli gyrgyz teatrynda sahnalaşdyrylan “Pyragy” atly spektakl dostlukly döwletde meşhurlyga eýe bolýar. Dostlukly döwletiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken sebit sazly-drama teatrynda goýlan sahna oýny eýýäm ikinji gezek gyrgyz tomaşaçylaryna lezzet paýlady. Gündogaryň beýik akyldar şahyryna bagyşlanan sahna eseri ilkinji gezek iki aý mundan ozal gyrgyz tomaşaçylaryna ýetirilipdi.
Gyrgyz teatrynyň artistleri bu sahna oýny bilen şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek IV Halkara teatr festiwalynyň çäginde türkmen sahnasynda çykyş etmegi hem meýilleşdirýärler.
Spektaklyň penşenbe gününde bolan nobatdaky görkezilişine ýurdumyzyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi Şadurdy Meredow we dostlukly döwletiň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministriniň birinji orunbasary Kaýrat Imanaliýew hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar.

Kaýrat Imanaliýew spektakla ýokary baha berip, artistlere we sahna oýnuny goýan režissýor Urmatkan Meläýewa (ol türkmen sahnasynda köp oýunlary goýan, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläniň aýaly) beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi bilen gyrgyz tomaşaçylaryny tanyşdyrandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Şol gün Türkmenistanyň ilçisiniň Gyrgyz Respublikasynyň Batken sebitiniň gubernatorynyň orunbasary Marufan Tulaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda sebitara hyzmatdaşlygy, şol sanda, doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşýan Gyrgyzystanyň Batken sebiti we ýurdumyzyň Ahal welaýaty bilen özara gatnaşyklary ösdürmegiň ugrulary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Marufan Tulaýew “akylly” şäher ýörelgesi esasynda gurulýan Arkadag şäheri bilen tanyşdyryldy.
ORIENT news








