Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýet ministrleri Sankt-Peterburgda gepleşikleri geçirdiler


26-njy gezek geçirilýän Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäginde 16-njy iýunda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew Russiýa Federasiýasynyň ykdysady ösüş ministri Maksim Reşetnikow bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ministrleri geçen 2022-nji ýylda Türkmenistanyň we Rusiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 1 milliard 636,8 million amerikan dollaryna, şu ýylyň birinji çärýeginde bolsa bu görkezijiniň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10,4 göterim ýokarlanyp, 386 million amerikan dollaryna barabar bolandygyny bellediler.
Iki ýurduň ministrleriniň bellemeklerine görä, özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda, hususanda, söwda-ykdysady gatnaşyklarynda uly öňegidişlik gazanylan bolsa-da, bu babatda heniz doly güýjünde ulanylmadyk mümkinçilikler bar.

Iki ýurduň ýokary derejeli wekilleri strategik hyzmatdaşlar hökmünde Türkmenistanyň we Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek boýunça işleri dowam etdirmek boýunça ylalaşdylar.
ORIENT news








