HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda zergärleriň arasynda bäsleşik geçirildi

Iýun 16, 2023 | 17:24 |8110
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramagynda “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” ady bilen ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramagynda “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” ady bilen ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.
Çeşme: Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň guramagynda “Zerim bar, zergärim bar, bagtyýar zamanam bar” ady bilen ýurdumyzyň zergärleriniň arasynda bäsleşik geçirildi.

Döredijilik bäsleşiginiň maksady gadymdan gelýän milli zergärçilik sungatymyzy ýaş nesillere geçirmekden, ussat we ýaş zergärleri ýüze çykarmakdan ybarat boldy.

В Туркменистане подвели итоги общенационального конкурса среди ювелиров

Bäsleşige ýurdumyzyň sebitlerinden we Aşgabat şäherinden zergärler we ýaş höwesjeňler, şol sanda dürli ugurda iş alyp barýan hünärmenler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşyjylar 3 şert boýunça bäslediler. Birinji şertde berlen 3 minudyň dowamynda zergärler ýaşaýan sebitlerinde ýörgünli bolan şaý-sepler, zergärçilik aýratynlyklary bilen ýygnananlary döredijilikli tanyşdyrdylar.

В Туркменистане подвели итоги общенационального конкурса среди ювелиров

Ikinji şertiň düzgünlerine laýyklykda, zergärler ýerine ýetirilen bir aýdymyň dowamynda bir milli şaý-sep görnüşini taýýarladylar. Üçinji – jemleýji şertde bäsleşige gatnaşyjylar özleriniň ýerine ýetiren işleriniň 5-siniň aýratynlygyny we täzeçilligini döredijilikli beýan etdiler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine şu gün – 16-njy iýunda paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde sylag gowşuryş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň iň ussat zergärlerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary dabaraly gowşuryldy.

В Туркменистане подвели итоги общенационального конкурса среди ювелиров

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

Gazagystan Hytaýdaky halkara import sergisinde 40 kompaniýanyň önümlerini görkezer

19:00 Noýabr 03, 2026
Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik döwlet sapary bilen Hytaýa geldi

17:00 Noýabr 03, 2026
Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

Hytaý ýer titremelerinden soň dikeldiş işleri üçin Wenesuela 5 müň tonnadan gowrak kömek iberdi

14:00 Noýabr 03, 2026