HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylary BMG-niň halkara toparynyň üstüni ýetirmäge çagyrýarlar

Iýun 16, 2023 | 15:41 |6804
Türkmenistanyň ýaşlary BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolup bilerler (UN Young Professionals Program). Ýüz tutmalary tabşyrmak işi eýýäm başlandy.Türkmenistanyň ýaşlary BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolup bilerler (UN Young Professionals Program). Ýüz tutmalary tabşyrmak işi eýýäm başlandy.
Çeşme: un.org

Türkmenistanyň ýaşlary BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolup bilerler (UN Young Professionals Program). Ýüz tutmalary tabşyrmak işi eýýäm başlandy.

Gyzyklanýan taraplar BMG-niň işgärleri seçip almak platformasynyň üsti bilen 29-njy iýuna çenli ýüz tutmany tabşyryp bilerler Inspira. Dalaşgärler şu aşakdaky ölçeglere gabat gelmelidirler:

— BMG agza—ýurduň raýaty bolmaly;

— Synag dersi bilen baglanyşykly hünäri boýunça bakalawr ýa-da ondan ýokary derejesi bolmaly;

— Iňlis ýa-da fransuz dilini erkin bilmeli;

— 32 ýaşdan uly bolmaly däldir.

BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasy — bu her ýylky geçirilýän taslama bolup, onuň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynda işe başlamak isleýän zehinli, ýokary hünärli hünärmenler kabul edilýär.

Dalaşgär giriş synaglaryny üstünlikli tabşyrmaly. Ýazmaça synag umumy ýumuşy we hünäri ugrundan testi öz içine alýar.

Umumy ýumuş hemmeler üçin birmeňzeşdir we BMG-de işlemek üçin gerekli bolan esasy başarnyklary bahalandyrmak üçin niýetlenendir. Hünär ugrundan testiň çäklerinde birnäçe soraglar arkaly ol ýa-da beýleki ders boýunça bilim hem barlanylýar.

Ýazmaça synagy üstünlikli tabşyranlar onlaýn-söhbetdeşlige çagyrylýarlar.

Seçilip alnan dalaşgärler BMG-niň boş iş orunlarynyň sanawyna üç ýyl möhlet bilen goşulýarlar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026