HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-daky söwdalaşyklar: oba hojalyk önümleri we ýeňil senagat önümleri eksport edildi

Iýun 16, 2023 | 15:32 |5360
Penşenbe güni, 15-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip,  ORIENT-iň habarçysy habar berýär.Penşenbe güni, 15-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip,  ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Penşenbe güni, 15-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $3,1 mln amerikan dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.

BAE-den gelen telekeçi pagta soapstogynyň distillirlenmedik çig ýag kislotalarynyň 65 tonnasyny $22,7 müň amerikan dollaryna satyn aldylar. Nebiti gaýtadan işleýji, farmasewtika we beýleki pudaklar üçin himiki reagentleri almak üçin niýetlenilen oba hojalyk önüminiň her tonnasyna $350 amerikan dollary baha berildi.

Türkiýeden gelen kompaniýalar jins matalaryň dürli görnüşleriniň 1,3 mln uzynlyk metrini satyn aldylar, onuň her uzynlyk metrine $2,10-dan $2,39 amerikan dollaryna çenli baha berildi. Geleşikleriň jemi bahasy $3 mln amerikan dollaryndan geçdi.

Owganystandan gelen işewür flanel matanyň 172,5 müň inedördül metrini $43,1 müň amerikan dollaryna (her inedördül metri - $0,25 amerikan dollaryna deň) satyn aldy.

HHR-nyň işewür toparlarynyň wekili düz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriň 11 müň kg $50,6 müň amerikan dollaryna satyn aldy.

Söwdalaşyklara goýlan harytlar barada maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň resmi web saýty arkaly şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümlerinde, şeýle hem söwda toplumynda söwdalaşyk duşenbe-anna günleri 16:00-da, şenbe güni sagat 11:30-da başlanýar. Nebit we gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri 16:30-da, şenbe güni 12:00-da başlanýar.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda, birža harytlaryny gönümel öndürijilerden satmak teklipleri bilen funksional platformanyň üsti bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle hem birža harytlarynyň satuwy barada bildirişleri hem çap edip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026