GDA-da «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň telewideniýesiniň we radiosynyň göreldeli işgäri» atly döşe dakylýan nyşany dörederler


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň telewideniýesiniň we radiosynyň göreldeli işgäri» atly döşe dakylýan nyşany döretmegiň üstünde işleýärler – diýip, Arkalaşygyň metbugat gullugy habar berýär.
Döşe dakylýan nyşany döretmek hakynda Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenip düzülmegi wideoşekilli maslahat görnüşinde geçen degişli Iş toparynyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistan Özbegistan bilen bir hatarda duşuşyga synçy hökmünde wekilçilik etdi.
Gatnaşyjylar tarapyndan döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnamanyň taslamasy ylalaşyldy. Gün tertibine şeýle hem döşe dakylýan nyşany we onuň şahadatnamasyny çykarmagy maliýeleşdirmek meseleleri hem çykaryldy.
Döşe dakylýan nyşan bilen GDA-nyň maglumat giňişliginiň pugtalandyrylmagyna goşant goşan, telewideniýäniň we radionyň alnyp berlişiniň ösdürilmegine we kämilleşmegine goşant goşan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dolandyryş edaralarynyň, guramalaryň, telewizion we radio alyp beriş KHBS-niň redaksiýalarynyň işgärleri sylaglanarlar. Sylag bilen şeýle hem hünär işjeňliginde ýokary netijeleri gazanan we degişli pudakda görelde bolup durýan adamlar sylaglanarlar.
Döşe dakylýan nyşany döretmek başlangyjy Täjigistana degişlidir. Bu ýurt GDA agza-döwletleriň döwlete degişli we jemgyýetçilik teleradioguramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşine teklip bilen ýüz tutdy.
Netijede, 2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda GDA agza-döwletleriň döwlete degişli we jemgyýetçilik teleradioguramalarynyň ýolbaşçylarynyň we Döwletara maglumat birleşmesiniň Dolandyryş geňeşiniň nobatdaky bilelikdäki mejlisinde bu başlangyç goldanyldy.
ORIENT habarlar








