HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

SPIEF-2023-de Türkmenistan uglerod birlikleri üçin bazar döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşýar

Iýun 15, 2023 | 23:47 |9781
Şu çarşenbe, Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (SPIEF) başlandy we 17-
nji iýuna çenli dowam eder. Işewürlik maksatnamasynyň esasy bölegi penşenbe
güni başlandy. Bu ýyl foruma 130 ýurtdan we sebitlerden 17 müňden gowrak
gatnaşyjy, şol sanda 15-den gowrak döwletiň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy.Şu çarşenbe, Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (SPIEF) başlandy we 17-
nji iýuna çenli dowam eder. Işewürlik maksatnamasynyň esasy bölegi penşenbe
güni başlandy. Bu ýyl foruma 130 ýurtdan we sebitlerden 17 müňden gowrak
gatnaşyjy, şol sanda 15-den gowrak döwletiň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy.
Çeşme: forumspb.com

Şu çarşenbe, Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumy (SPIEF) başlandy we 17- nji iýuna çenli dowam eder. Işewürlik maksatnamasynyň esasy bölegi penşenbe güni başlandy. Bu ýyl foruma 130 ýurtdan we sebitlerden 17 müňden gowrak gatnaşyjy, şol sanda 15-den gowrak döwletiň ýokary wezipeli adamlary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýew SPIEF-e, hususan-da, «Global öwrülişik döwründe dünýä ykdysadyýeti» ýaly mowzuklaýyn pudaga gatnaşýar. Ministriň şu gün eden çykyşynda uglerodyň kadalaşdyrylmagyna we Aziýada, Afrikada we Ýakyn Gündogarda uglerod birlikleriniň dolanyşygy üçin bazar döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

1 (3).jpg

Az uglerodly energetika, pudaklary ösdürmegiň esasy hereketlendirijilerine öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde ýüze çykýan kynçylyklar, bar bolan çemeleşmeleriň üýtgemegine goşant goşýar. Esasy trend uglerod birlikleriniň dolanyşygy üçin bazaryň emele gelmegidir (uglerod birligi – belli bir howa taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen öňi alnan parnik gazlarynyň mukdarydyr).

2 (3).jpg

Ara alyp maslahatlaşmaga gatnaşyjylar bu ugurdaky kärhanalar bilen gepleşikler, banklaryň howanyň gün tertibine gatnaşmagy we ýörite maliýe gurallarynyň orny, zyňyndylara gözegçilik we tejribe guramak, olary standartlaşdyrmak, ekoulgamlaryň bahasyny sanlaşdyrmak we ş.m. meselelerine deginip, Pariž ylalaşygynyň mehanizmleriniň çäginde umumy halkara uglerod bazaryny döretmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

3 (1).jpg

Serdar Joraýew bilermenlere Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti ýaşyla öwürmek, howa taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin serişdeleri toplamak we bu ugurda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky tagallalary barada gürrüň berdi. Ministriň pikrine görä, Merkezi Aziýada ýeke uglerod bazarynyň döredilmegi sebitde täze tehnologiýalaryň we maýa goýum işjeňliginiň ornaşdyrylmagyna itergi berer.

4.jpg

Çykyş edenleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Gazprombankyň howa meseleleri boýunça geňeşçisi/ýörite wekili, Sberbankyň, Afrika eksport-import bankynyň, «Rossiýskiý ekologiçeskiý operator», «RusGidro» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, Singhua uniwersitetiniň Hytaý bilen Russiýanyň arasyndaky Strategiki hyzmatdaşlyk institutynyň direktory bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026