BMG-niň HG ýalan maglumat ýaýratmaga we kemsitmäge garşy göreş boýunça rezolýusiýany kabul etdi


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi sabyrlylyk we halkara parahatçylygy we durnuklylygy temasy boýunça 2686 rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi – diýip, TASS habar berýär. Ol BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 15 ýurdy tarapyndan kabul edildi.
Resminamanyň tekstinde BMG-niň agza-döwletleriniň birek-birek bilen parahatçylykda ýaşamaga ygrarlydygy nygtalýar, ykdysady, sosial, medeni we ynsanperwer meselelerini çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygy tassyklanýar.
BMG-niň Howpsuzlyk geňeşine girýän ähli 15 ýurt halkara we sebitleýin guramalaryny urug, etniki, jyns, dini we dil degişliligi boýunça döredilen ýigrenç ritorikasyny açyk ýazgarmaga çagyrýar.
Sanly platformalarda maglumatyň bitewililigini pugtalandyrmaga niýetlenen hasabaty hödürlemek bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Geterriş sanly giňişligi has howpsuz we inklýuziw etmek üçin utgaşdyrylan hereketlere çagyrdy.
Baş sekretar şeýle hem özüňi alyp barmagyň Kodeksi üçin esas bolup hyzmat edip biljek maslahatlary hödürledi. Ol hökümetleri, tehnologiki kompaniýalary we beýleki gyzyklanýan taraplary ýalan maglumaty ulanmakdan, goldamakdan ýa-da güýçlendirmekden saklanmaga çagyrdy.
ORIENT habarlar








