HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenabatdaky mugallymçylyk institutynda halkara onlaýn-maslahatyň jemlerini jemlediler

Iýun 15, 2023 | 13:21 |5060
«XXI asyrda ylym we bilim» atly onlaýn-formatdaky ylmy-amaly maslahat Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Oňa 10 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden 40-a golaý mugallym gatnaşdy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.«XXI asyrda ylym we bilim» atly onlaýn-formatdaky ylmy-amaly maslahat Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Oňa 10 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden 40-a golaý mugallym gatnaşdy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Çeşme: pixabay.com

«XXI asyrda ylym we bilim» atly onlaýn-formatdaky ylmy-amaly maslahat Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Oňa 10 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden 40-a golaý mugallym gatnaşdy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Foruma iri türkmen mugallymçylyk okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlyk edýän ýokary okuw mekdepleri gatnaşdylar. Çekişme meýdançasynyň guraýjylary ara alyp maslahatlaşmalary tematiki seksiýalarda hem dowam etdirdiler.

Maslahatda çykyş edenleriň çäräniň dowamynda ylmy barlaglar barada we ylmy gözlek işleriniň ösüşi hakynda öz pikirlerini aýdandyklaryny bellemelidiris. Maslahatyň münberinden diňe bir professor-mugallymçylyk düzüminiň öňdebaryjy hünärmenleri däl-de, eýsem talyp ýaşlaryň wekilleri hem çykyş etdiler.

Şeýle hem maslahatyň çäklerinde tematiki sergi geçirildi, onda TDMI-nyň ýaş mugallymlarynyň we talyplarynyň taslamalary görkezildi. Geçirilen forumyň esasy maksady — ýaş alymlaryň halkara ylmy meýdançasyna çykarylmagydyr we olaryň ylmy jemgyýetçilik bilen tanyşdyrylmagydyr.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026