Gyrgyzystanda TÜRKSOÝ guramasynyň 30 ýyllygyny bellediler


Guramanyň 30 ýyllygyny bellemegiň birinji tapgyrynyň çäklerinde Gyrgyzystanda Türk medeniýetiniň halkara guramasynyň TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günlerini bellediler. Bu barada TÜRKSOÝ-yň resmi saýtynda habar berilýär.
Soňra estafetany Özbegistan we Türkmenistan alar. Guramanyň ýubileýini baýram etmekligiň çäklerinde çäreleriň ikinji tapgyry Ankarada, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň paýtagtynda dowam eder.
TÜRKSOÝ-yň Medeniýet günleriniň çäklerinde Gyrgyzystanyň Gapar Aýtiýew adyndaky şekillendiriş sungaty milli muzeýinde Bişkekde nakgaşlyk sungatynyň we kitaplaryň sergisi açyldy, onda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Özbegistandan bolan suratkeşleriň işleri görkezildi. TÜRKSOÝ-yň agza-döwletleriniň kitap sergisi Alikul Osmanow adyndaky Milli kitaphanada açyldy.
TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew türki halklaryň diliniň, dininiň, taryhynyň we medeniýetiniň birdigini nygtady.
TÜRKSOÝ-yň Gyrgyzystandaky Medeniýet günleri türki dünýäniň sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky «Biz bile» dabaraly konserti bilen tamamlandy. Türki dünýäniň medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşan Gyrgyzystanyň medeniýet we sungat işgärlerine «TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy» medaly gowşuryldy.
ORIENT habarlar








